BIZ – SPORTUŇ ÝAŞ WAGYZÇYLARY!
29352026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 22-sine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary sanly ulgam arkaly okuw sapagyna gatnaşdylar 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň arasynda AFС-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde gatnaşjak ýörite habarçylar, media toparynyň ýaş wagyzçylary bilen sport žurnalistikasyna erk etmek başarnyklary boýunça temadan (sanly ulgam arkaly) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy G. Mämmetsähedow tarapyndan okuw sapagy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri netijesinde «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bilim, saglyk, sport medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Eziz diýarymyzda belent maksatly menzillere ýetilýär. Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy has-da pugtalandyrýan ýurt hökmünde dünýä tanalýar. Ýurdumyzda dost-doganlyk sazlary belentden-belent ýaňlanýar. Muňa mysal hökmünde, sanlyja günlerden «Arkadag» futbol topary bilen bilelikde Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol toparynyň duşuşygyny bellemek bolar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly sapaklaryň geçilmegi, olara telewideniýe žurnalistikasy taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagy ähmiýetlidir. Ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri täze döredijilik işlerine ruhlandyryp, okuw sapaklarynda uly gollanma bolup hyzmat eder.
Türkmen halkyny ýagty ertirlere, abadan durmuşa sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri netijesinde. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda žähmet üstünliklerine ýetilýär. 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky bitarap-Türkmenistan bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji günleri hem döwletli işlere badalga berdi. Türkmen bedewiniň abraý mertebesiniň diňe bir sebitde däl dünýä ýüzünde dabaralandyrylýandygyny ýene bir ýola açyp görkezdi.
Sebitde alnyp barylýan işleri halk köpçüligine ýetirmek bolsa biz ýaş žurnalistleriň paýyna düşýär. Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda geçirilýän birnäçe bäsleşiklerdir olimpiadalar dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup kemala gelmegi üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurt parahatçylygy, il abadançylygy ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Tawus MÄMETDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
2-nji ýyl talyby




