DABARALY MASLAHAT

88
2026-njy ýylyň gelmegi bilen ýurdumyzda dabaralanýan täze şygaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda örän çuňňur many bar. Bu şygar Gündogar senenamasyna görä, at ýyly bolup, 2026-njy ýylyň ruhy bilen utgaşyp, biziň milli döwletlilik ýolumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny görkezýär.
«At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere we şatlykly pursatlara beslenýär. 
Ynha, şanly ýylymyzyň ýanwar aýynyň 16-sy güni ýokary okuw mekdebimiziň Mejlisler zalynda «Garagum» we «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýalarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Bu maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň aýdym-sazly, şowhunly gepleşikler bölüminiň müdiri Hezretaly Hallyýew alyp bardy. Soňra «Garagum» žurnalynyň baş redaktory Soltanýaz Şaýymow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow, institutymyzyň Ylym bölüminiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gurbanmyrat Muhammedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň kiçi ylmy işgäri Maksat Meredow we talyp Uzuk Nowruzowa dagylaryň döwletli döwrümiziň bagtyýarlygy, gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň aýratynlyklary baradaky joşgunly we buýsançly çykyşlary dabara gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Olar öz çykyşlarynda türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da kuwwatyň nyşany bolman, eýsem, asyllylygyň, wepanyň we sarsmaz dostlugyň nyşany bolandygyny, türkmen bedewleriniň owadanlykda, ýyndamlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandygyny hem-de bu günki günde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan behişdi bedewlerimiz hakyndaky gymmatly eserleri tutuş halkymyzyň taryhymyz we milli gymmatlyklarymyz hakynda bilimleriniň has-da ýokarlanmagynda möhüm gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda institutymyzyň zehinli talyp ýaşlarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýen belent şygar astynda öňe barýan ata Watanymyzy, onuň her bir tutumly işleriniň rowaçlygyny wasp edýän aýdym-sazlary hem-de «Miras» folklor tans toparynyň çykyşlary diňleýjileriň göwünlerini has-da galkyndyrdy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň türkmen halkyna şeýle ajaýyp döwri bagyş eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek joşgunlaryny beýan edýän alkyş sözleri belent ýaňlandy. 
Goý, mundan beýläk-de, «At-myrat» diýýän bagtyýar halkymyzyň arzuwlary myradyna gowuşsyn! Bizi maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 
teatr sungaty fakultetiniň
dramaturgiýa taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm