SYÝAHATÇYLYK BABATDA HALKARA ONLAÝN SEMINAR
21002026-njy ýylyň mart aýynyň 27-sinе Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan «Syýahatçylygy we myhmansöýerligi ösdürmekde döwrebap çemeleşmeler: Gazagystanyň we Türkmenistanyň tejribesi» atly onlaýn görnüşde halkara seminar geçirdi.
Bu seminarda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik uniwersitetiniň wekilleri we institutymyzyň mugallymlary çykyş etdiler. Duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin syýahatçylygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, syýahatçylyk we myhmansöýerlik bilim ulgamy we häzirki zaman dünýäsinde pudaga innowasion çemeleşmeler barada maglumatlar alyşyldy.
Kerwen ŞAMYRADOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.




