VI AÇYK HALKARA OLIMPIADASY TÄZE ÝEŇIŞLERE RUHLANDYRDY
167 «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biziň
durmuşymyzda üstünlikli wakalar bolup geçýär. Ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetinde geçirilen VI Açyk halkara olimpiadasynda 3-nji orna mynasyp
bolan günüm ýatdan çykmajak pursata öwrüldi.
Ata
Watanymyz, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzünde döwletiň we
döwletliligiň merkezi hökmünde dabaralandyrmak ýaşlaryň borjudyr. Biz öz borjumyza
doly düşünýäris we gujur-gaýratymyzy, zehinlerimizi bilimde, ylymda berkidýäris.
Munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler
bar. Öz alýan hünär taýýarlygy ugurlaryndan daşary hem dürli olimpiadalara
gatnaşyp, ýylyň-ýylyna baýrakly orun almaga döredilýän şertler üçin türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň,
Hormatly Prezidentimizň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän
işleri rowaç bolsun!
Akmyrat GULLYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň 3-nji ýyl
talyby.




