«NOWRUZ ÝAÝLASYNDA» NOWRUZ JOŞGUNY
267Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir aýy, her
bir güni bagtyýar halkymyzyň joşgunly göwünlerini has-da galkyndyrýar. Şol
joşgunly göwünler, nurana dideler bu gün eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar.
Halkymyzyň durmuşynda uly
orun eýeleýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bolsa agzybirligiň,
zähmetsöýerligiň, bagtyýar döwrümiziň, asuda şu günümiziň we şanly geljegimiziň
özboluşly nyşany. Nowruz halklaryň arasyndaky dost-doganlykdyr. Pasyllaryň soltany baharyň
gelmegi bilen tebigatyň janlanýan we al-elwan güllere beslenýän çagynda Milli
bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly
garşylanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar däp bolşy ýaly, Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» giňden toýlanylýar.
Ynha, Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy we Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän şol «Nowruz
ýaýlasyndaky» baýramçylyk dabarasyna talypdyr mugallymlar özleriniň taýýarlan baýramçylyk
sowgatlary, şowhunly ajaýyp çykyşlary bilen gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda ýerine
ýetiren aýdym-sazlary, tans we halk döredijiligi eserleri bilen Watanymyzy,
taryhy döwrümizi hem-de gazanýan uly üstünliklerimizi wasp etdiler. Esasan-da,
halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen utgaşyp, milli
medeniýetimiziň, türkmen sungatymyzyň gülläp ösüşiniň belent sepgitlere
ýetýändiginiň subutnamasy boldy.
Elbetde, bu baýramda institutymyzyň
talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar, halk
döredijiligimize mahsus bolan edebi-çeper çykyşlar, ata-babalarymyzdan şu
günlere gelip ýeten medeni mirasymyzyň täze gazananlaryny halkymyza we dünýä
halklaryna ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň parahat
söýüjilikli, dost-doganlyk ýörelgelerini, ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da
pugtalandyrýan we rowaçlandyrýan milli baýramlarymyzy şular ýaly il
agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda ulydan dabaraly toýlamaga ähli
mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
ömürleri uzak, beýik işleri, taryhy tutumlary dowamat dowam bolsun!
Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
teatr sungaty fakultetiniň
dramaturgiýa taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby.




