BILIMLI NESIL – KUWWATLY WATAN
1557Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlaryň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy, aýratyn-da ata watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ösen aň-düşünjeli, sagdyn, ýokary adamkärçilikli, ösen tehnologiýalardan özbaşdak baş alyp çykýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem öz saýlap alan hünärlerimiziň hak eýeleri bolup ýetişmeklige çalşarys.
Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Muzeýler hem her bir döwletiň geçmişini, şu günki ösüşlerini, geljekde öňde goýan maksatlaryny dünýä açyp görkezýän medeni ojakdyr. Biz hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak taýýarlygyň ugrunyň talyplary bolup, muzeý öwreniş ylmynyň mundan beýläk hem has ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga çalşarys.
Ynha, bu gün hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarynyň, şeýle hem talyp ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý hünärmenleriniň guramagynda «Muzeý ulgamynda sanly tehnologiýalar – ösüşiň möhüm açary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahatda muzeý ulgamynyň ösmeginde dürli innowasion tehnologiýalaryň orny, enjamlaryň muzeýlerde ornaşdyrylan döwrebap görnüşleri we olaryň aýratynlyklary, geljekde öňde goýulýan maksatlar bilen bagly dürli temalarda çykyşlar edildi we okuw maslahatynyň dowamynda ýaşlaryň öz pikirleri, teklipleri hem diňlenip, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolan muzeý ulgamynyň hem işiniň has-da kämilleşmeginde ýaşlaryň ornunyň örän ulydygy bellenildi.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda muzeý hünärmenleri tarapyndan muzeýiň birnäçe ekspozision bölümlerine gezelençler guralyp, ol ýerde ornaşdyrylan sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti bilen tanyşdyryldy.
Diplomyň öň ýanyndaky tejribeligimiz döwründe muzeý hünärmenleri tarapyndan berlen bu gymmatly maglumatlar biziň üçin örän ähmiýetli boldy. Biziň üçin guralan bu okuw maslahatynyň guramaçylary bolan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň agzybir işgärlerine öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Bize okamaga, öwrenmäge, ähli ugurda tejribe alyşmaga, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge, ene-mamalarymyzdan, ata-babalarymyzdan bize miras galan gymmatlyklarymyzy gorap saklap, ýaş nesillerimize ýetirmäge, şeýle hem dünýä tanatmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Maýsa ÖWEZDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Muzeologiýa, medeni we tebigy miras
ýadygärliklerini goramak
taýýarlygyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby.




