ÝÜREK BUÝSANJYM

19
ÝÜREK BUÝSANJYM
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän  «Talyp gözeli – 2026»  atly gözellik bäsleşigine gatnaşyp, II orna eýe bolmak bagty miýesser etdi.  Bu iň bir tolgundyryjy,  ajaýyp we durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň  biri hökmünde durmuş sahypalaryma müdimi ýazylar. Bäsleşigiň birinji şertinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň baýramçylyk we döredijilik ruhuny beýan edýän aýdym-sazlary we  sahna çykyşymy ýerine ýetirdim.  Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen  «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamlarymyzyň biri bolan unaş kesmek bilen türkmen zenanlarynyň tagam taýýarlaýşyny görkezdim. «El hünäri -  il gezer» diýlişi ýaly, her bir türkmen ojagynda gyz perzendiň saçy örüme  gireninden  eline iňňe berilýär. Şonuň üçin taýýarlygym we tejribäm bäsleşigiň şertlerini üstünlikli  ýerine ýetirmegime oňyn täsir etdi. Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýgül KAKAÝEWA, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 
  4-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm