NUSAÝ GALASYNDA HÜNÄR TEJRIBESI GEÇIRILDI
20NUSAÝ GALASYNDA HÜNÄR TEJRIBESI GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda milli medeniýetimize, mirasymyza, taryhymyza, hem-de syýahatçylyk ulgamynda aýratyn sarpa goýulýar. Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk taýýarlygy ugrunyň talyplary hem-de halypa mugallymlarymyz bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen Nusaý galasynda syýahatçylary garşylamak, taryhy maglumatlary öwrenmek, arheologik ýadygärlikleri goramak düzgünleri bilen tanyşdyk.
Nusaý... Bu diňe bir gadymy diwarlar toplumy ýa-da arheologik ýadygärlik däl, eýsem biziň halkymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň we beýikliginiň dymyp duran şaýadydyr. Üç hepde dowam eden okuw tejribeligimiziň ilkinji günlerinde Nusaý galasyna toparymyz bilen bardyk. Taryhyň müňýyllyklaryndan geçip ençeme syry özünde saklaýan bu ajaýyp gala gadam basanymda, özümi, müňlerçe ýyl yza dolanan ýaly duýdum. Güneşli howada taryhyň ysy siňen toýun diwarlaryň arasyna düşenimde, meniň üçin diňe bir okuw tejribeligimi geçmeli ýer bolman, eýsem taryhyň özüniň «dilini» öwrenmeli bir mekdep boldy. Syýahatçylaryň Nusaýa bolan gyzyklanmasyny synlamak bilen biziň mirasymyzyň dünýä üçin gymmatlydygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Okuw tejribeligimizde alan bilimlerimizi durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli okap, zähmet çekip, ýurdumyzda gazanylýan ösüşlere geljekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Bize şeýle ajaýyp taryhy ýadygärliklerimizi, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä tanatmakda mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýtýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklar ýaran bolsun!
Şirinjemal AMANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby.




