ÝÜREK BUÝSANJYM
140ÝÜREK BUÝSANJYM
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigine gatnaşyp, II orna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Bu iň bir tolgundyryjy, ajaýyp we durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri hökmünde durmuş sahypalaryma müdimi ýazylar. Bäsleşigiň birinji şertinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň baýramçylyk we döredijilik ruhuny beýan edýän aýdym-sazlary we sahna çykyşymy ýerine ýetirdim. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamlarymyzyň biri bolan unaş kesmek bilen türkmen zenanlarynyň tagam taýýarlaýşyny görkezdim. «El hünäri - il gezer» diýlişi ýaly, her bir türkmen ojagynda gyz perzendiň saçy örüme gireninden eline iňňe berilýär. Şonuň üçin taýýarlygym we tejribäm bäsleşigiň şertlerini üstünlikli ýerine ýetirmegime oňyn täsir etdi. Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýgül KAKAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.




