GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ EDEBI DÖREDIJILIGI – ÝAŞLARA RUHY AKABA

1768
Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň  Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy,  çeperçilik ussatlygy» diýen tema boýunça ylmy makalalaryň bäsleşigi geçirildi. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň çeper edebiýata, söz sungatyna, şahyrana eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize guwanjy, buýsanjy terbiýelemek, olary ylmy makalalary ýazmaga, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige gelip gowşan işler talyp ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny, ähmiýetini öwrenmäge höwes-yhlaslarynyň örän uludygyny görkezdi. 
Eminler topary talyplaryň bäsleşige hödürlän ylmy makalalaryny öwrenip, olara seljerme berdiler. Netijede, eminler topary aşakdaky çözgüde geldiler: 
1-nji orun – Käbäýewa Oguljeren, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy.
  2-nji orun – Paýzyýew Hoşgeldi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
2-nji orun – Mekandurdyýewa Aýbölek, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.
3-nji orun – Berdiýewa Merjen Gurbanmyradowna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.
3-nji orun – Amanmuhammedowa Gülşen Akmyradowna, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aýdym, dirižýorlyk, saz mugallymçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
3-nji orun – Hazratkulow Sanjar Atamyradowiç, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Höweslendiriji baýrak:
Hanmyradowa Uzukjemal, Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Işanowa Aýşirin Azadowna, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Ataýewa Ogulgerek, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Baýramow Begenç Ýagmyr ogly, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
 Nejimetdinowa Oguldursun Ýagşygeldi gyzy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
 Gurdowa Şirin Batyrowna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
 Ödäýew Guwanç Döwletgeldiýewiç, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň 4 -nji ýyl talyby.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.

Поделиться

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm