HALYPA GÖRELDESI - ÝAŞLARA ÝÖRELGE
133 «Ylym-bilimlilik edeplilikdir we her kime öz göwün
söýen hünärinde taplanmagy üçin, onuň ylym-bilimliligi gerekdir» diýip,
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi» atly ajaýyp
eserinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş
nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, öz saýlap alan hünäriniň mynasyp
eýeleri bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär.
Ähli ugurlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hem ýokary bilimli, döwrebap
innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan we ylym bilen meşgullanyp biljek
ýaşlary taýýarlamak ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň
biri bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem talyplara döwrebap derejede
ylym, bilim bermek ugrunda halypa mugallymlar zähmet çekýärler.
Institutymyzyň medeni
gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň arheologiýa taýýarlygyň ugry
boýunça bilim alýan talyplar tejribelik döwründe alym arheologlaryň ussatlyk
sapaklaryna, ylmy duşuşyklara, maslahatlara gatnaşdylar.
Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary
rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň we TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň
bilelikde guramagynda alym arheologlaryň we institutymyzyň arheologiýa
taýýarlygyň ugry boýunça okaýan talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda
halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçip,
oňa TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh
ylymlarynyň kandidaty Han-Durdy Gurbanow, şol institutyň Arheologiýa bölüminiň
müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýew, baş ylmy işgär, halypa
arheolog, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurgözel Bäşimowa we başga-da
birnäçe ylmy işgärler gatnaşdylar. Gatnaşanlar arheologiýanyň ugurlaryna
degişli dürli temalarda, täze arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan
tapyndylar we olaryň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdiler.
Alym arheolog Allaguly Berdiýewiň soňky barlaglaryň netijesinde ýüze
çykarylan atyň şekilindäki gadymy döwürlere degişli dürli tapyndylaryň taryhy
baradaky aýdanlary örän täsirli boldy. «Garaşsyzs, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda waspy
dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň taryhyny, milli gymmatlygymyz hökmünde,
taryhyň dürli döwürlerinde türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuny ýaşlara
düşündirmek olarda milli mirasymyza bolan söýgini oýarmakda örän ähmiýetli
bolup durýar.
Geçirilen bu täsirli duşuşykda baý maglumatlary bilen talyplaryň aňynda
uly täsir galdyran alym arheologlarymyza hoşallygymyzy ýetirdik. Bu ugurda okaýan talyp ýaşlar geljekde hem
halypa-şägirtlik ýoluny dowam edip, halypalardan alan tejribelerini arheologiýa
ylmyny ösdürmekde we bu ugruň döwrebap usullaryny amal etmekde peýdalanjakdyklaryna
ynanýarys.
Talyplara bu ugurda
döredip berýän mümkinçilikleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
hoşallygymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara
beslensin!
Maral HOJAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň uly mugallymy.




