TELEKEÇILER BILEN DUŞUŞYK

1286

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda Diýarymyz günsaýyn bedew bady bilen üstünlikli
ýollara rowana bolýar. Asyrlarboýy parahatçylygy arzuwlap, maksady myrada ýeten
türkmen halky bu gün bagtyýar zamananyň goýnunda, eşretli durmuşyň hözirini
görüp ýaşaýar. Elbetde,  synmaz yhlasyň
netijesinde, ähli ugurlarda ösüş gazanýan döwletimiz ykdysady tarapdan hem öňe
gidişlikleri gazandy. Häzirki wagtda telekeçilik işjeňliginiň hem ýurdumyzyň
ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýeti bardyr.  



          Ynha, biziň bilim ojagymyz
bolan, Türkmen döwlet medeniýet institutymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek
hem-de goldamak ýaşlar syýasatynyň esasy maksadynyň biridir» diýen sözlerinden
ugur alyp, ýaş telekeçileriň gelip, ýaşlaryň arasynda maslahatyň geçirmegi bizi
diýseň buýsandyrdy. Olardan Kerimow Rahymberdi, Nurberdiýew Kadyrberdi, Beýikow
Baýramgeldi çykyş edip, täsirli gürrüňlerini bagtyýar talyplarymyza ýetirdiler.
Olar maslahatyň dowamynda ýaş telekeçiler üçin döredilýän uly mümkinçilikler,
berilýän goldawlar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu bagtyýar
talyplarymyzda gyzyklanma döretdi we telekeçilige bolan düşünjelerini giňeldip,
höwesleriniň artmagyna täsir etdi.



Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!



 



Uzuk NOWRUZOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji
ýyl talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm