ÝAPONIÝA HAKYNDA KITAPLAR GOWŞURYLDY
1605Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talaby bolup durýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap ylymly-bilimli ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan kitaphanalar hereket edýär. Olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak bilen jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak, okyjylara talabalaýyk kitaphana hyzmatyny guramak maksady bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hemde bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda» karara gol çekildi. Karar ýurdumyzyň we dünýä bähbitli beýleki meseleler bilen bir hatarda, kitaphana ulgamynyň, ruhy baýlygyň gaýragoýulmasyz meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň hemişelik syýasatyna, gündelik aladalaryna öwrülendigini görkezýär. Bilim, ylym, medeniýet we beýleki ugurlarda gazanylan halkara şertnamalaryna laýyklykda, daşary ýurtlaryň bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýetiň beýleki ugurlary boýunça neşir edilen kitaplaryň we dürli neşir önümleriniň alyş-çalyş işini alyp barmak Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Ynha, şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan «Read Japan Project» maksatnamasynyň «Ýaponiýany okaň!» taslamasy esasynda «Nipton» gaznasynyň goldawy bilen taýýarlanylan, institutymyzyň kitaphanasyna peşgeş berilýän iňlis dilindäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri, ýokary okuw mekdebimiziň rektory, ylym we döredijilik işleri boýunça prorektor, ylym bölüminiň başlygy, maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri, kitaphananyň müdiri gatnaşdylar. Taslamanyň maksady kitaplaryň üsti bilen dünýäde Ýaponiýa baradaky düşünjäni ösdürmek, dürli ýerlerdäki okyjylara Ýaponiýa baradaky takyk maglumatlary ýetirmek hem-de Türkmenistanda ylmy gözleg işlerini goldamak we iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi ösdürmekdir. Ilçiniň aýtmagyna görä, kitap sowgat bermek taslamasy dünýäniň dürli ýurtlarynda 2008-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar. Kitaplar syýasat we halkara gatnaşyklar, ykdysadyýet we işewürlik, jemgyýet we medeniýet, taryh, edebiýat we sungat, ýapon dili ýaly dürli mazmunda bolup, olar giň okyjylar köpçüligine niýetlenedir. Bu kitaplar biziň ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlaryna, talyplaryna okuw, ylmy, döredijilik işlerinde peýdalanmaga ylmy we usuly kömek bolar diýip hasap edýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphana müdiri.




