OKUW TEJRIBELIGI DOWAM EDÝÄR
1103Türkmen döwlet medeniýet
institutynda talyplaryň möwsümleýin okuw tejribeligi dowam edýär. Tejribelik
tanyşlyk, okuw, önümçilik, diplomyň öňýanyndaky ýaly ugurlarda bolup, dürli
ýyllarda okaýan talyplar ýokary okuw mekdebinde we dürli edara-kärhanalarda
tejribe geçýärler. Telewideniýe žurnalistikasy, teleradiogepleşikleri guramak
we alyp barmak, operatorçylyk işi we montažyň režissurasy ýaly taýýarlyk
ugurlarynda okaýan talyplar tejribeligi telegepleşikleri, wideoşekilleri taýýarlamak,
alyp barmak bilen utgaşdyrýarlar. Tejribelige ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň
gözegçiliginde alnyp barylýan işler oňyn netijeleri berýär.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.




